Rus urşy bilen bagly aladalaryň arasynda, Türkmenistan öňki harbylaryň ýoluny ýapýar

Bezeg suraty

Ahal welaýatynyň Tejen etrabynda ýaşaýan öňki harby gullukçylaryň birnäçesi ýerli habarçymyz bilen duşuşyp, özleriniň hereket azatlyklarynyň çäklendirilýändigini, beýleki raýatlar ýaly, kanun esasynda daşary ýurtlara gidip, gazanç etmek, maşgala eklemek mümkinçiliklerinden mahrum edilýändiklerini gürrüň berdiler.

Ýurt içinde eklenç etmek mümkinçiligini tapmadyk raýatlar öz seslerini eşitdirmek isleýändiklerini aýdýarlar.

Bu çäklendirme baradaky maglumat resmi Aşgabatda türkmenistanlylaryň Ukrainadaky urşa gatnaşmagy bilen bagly aladalaryň indi birnäçe ýyl bäri ýokarlanmagy bilen bagly.

Aşgabadyň talaby boýunça Türkiýe bilen aradaky wizasyz gatnaşyk ýatyrylaly bäri, ýerli synçylar we çeşmeler Türkmenistandan Russiýa işlemäge, okamaga gidýän we bu ýurtda galmaga çalyşýan türkmenistanlylaryň sanynyň gitdigiçe köpelýändigini, olaryň soňy bilen has kyn ýagdaýlara düşmek ähtimallygynyň ýokary bolmagynda galýandygyny duýdurýarlar.

Öňki harbylar 'gitmek kararyna gelendiklerini' aýdýarlar

2019-njy ýylda Mary welaýatynyň Guşgy, häzirki Serhetabat etrabynda serhet gullugynda işlän dört ofiseriň tassyklamagyna görä, olar hojalyklaryny ekläp bilmän, onlarça ýyllap işlän işlerinden çykmaga hem-de başga işlerde işlemäge mejbur bolupdyrlar.

Türkmenistanda diňe harby gullukçylaryň arasynda däl, hukuk goraýjy edaralaryň işgärleriniň arasynda hem zähmet migrasiýasyna gitmek meýliniň barha güýçlenýändigi habar berilýär.

Degişli maglumat 'Ýaşamak isleýärin': 2025-iň başyndan bäri azyndan 122 türkmen raýaty Russiýanyň goşunyna hakyna tutuldy


Azatlygyň çeşmeleriniň we öňki harbylaryň mundan öň hem aýdyşlary ýaly, türkmen harbylarynyň aýlyklary pes, jaý üpjünçiligi barada berlen wadalar bolsa köplenç ýerine ýetirilmeýär, ondan-oňa göçmek netijesinde, ‘harbylaryň hojalygy tozýar, maşgalada agzalalyk döreýär’.

“Maşgalamyzyň ýaşamaga ýeri bolman dargamagy sebäpli, harby ofiserlik işini taşladyk we hususy gazanç etmäge başladyk. Ilki başda bize hususy gazanç, iş tapmak gaty kyn boldy. Onlarça ýyl harby bölümlerde diňe buýruk esasynda işlämizsoň, nämeden başlajagymyzy bilmän, hususy awtoulagymyzda taksiçilik etdik” diýip, adynyň aýdylmazlygyny soran raýat soňabaka taksiçiligiň hem kynlaşandygyny, kowid wirusyny ýaýran döwründe ýollaryň ýapylmagy netijesinde, çörek bişirip, hususy dükanlara paýlap başlandyklaryny gürrüň berdi.

‘Siz serhetde işläpsiňiz, 5 ýyl dolmasa bolmaz’

Öňki harbylar ahyrynda ‘bu ýurtda eklenç edip, çaga bakmak asla mümkin däl’ diýen netijä gelýär we ilki 2023-nji ýylda Türkiýä işlemäge gitmekçi bolýar. Emma olaryň ‘iýmän-içmän ýygnanja pullaryna satyn alan biletleri’ hem, öz sözlerine görä, howa menzilinde ‘köýdürilýär’.

“Migrasiýa gullugynyň işgärleri bizi Türkiýä goýbermedi, ‘siz serhetde işläpsiňiz, 5 ýyl dolmasa ýurtdan çykarmazlar’ diýip, yzymyza ugratdylar. Biz ýene 2025-nji ýylyň noýabr aýynda täzeden wiza we bilet alyp, Russiýa işlemäge gitmekçi bolduk. Bizi ýene howa menzilinden yzymyza gaýtardylar” diýip, Azatlygyň söhbetdeşi aýtdy.

Aýdylmagyna görä, olara siz “Russiýa döwletini saýlapsyňyz, näme, urşa gitmek isleýäňizmi?” diýipdirler. Olar ‘ýok, urşa däl, çaga eklemek üçin işlemäge gitjek bolýarys. Russiýa bolmasa, Dubaýa ýa-da Türkiýe gitmekçi bolsak, geçirersiňizmi?’ diýip sorap, ýene ‘ýok, bolanok, size ptiçka bar’ diýen jogaby alypdyrlar.

Öňki harbylar şu günki güne çenli Migrasiýa gullugynyň ýerli edarasyna, Daşary işler ministrligine, hatda prezidentiň diwanyna hem ençeme gezek hat ýazandyklaryny aýtdylar.

“Ilki başda hiç jogap bermediler, ahyrynda prezidentiň adyna 6-njy gezek hat ýazanymyzdan soň, bizi Milli howpsuzlyk edarasyna çagyrdylar we, ‘sizden ýadadyk, indi arza ýazsaňyz gaty görmäň, bu bolanja güniňizem köp görýäňizmi?’ diýip haýbat atdylar. Biz ‘TikTok platformasyna çykyp, prezidente ýüz tutjak’ diýdik. Olar ‘şu güne çenli ýüzlerçe adam wideo rolik goýup, prezidente ýüzlendi, haýsysynyň işi bitdi, kim diňlendi? Indi adyňyz çyksa, bizden gaty görmäň’ diýdiler” diýip, Azatlygyň habarçysy bilen gürleşen raýatlar aýtdy.

Degişli maglumat “Hoçu Žit” proýekti Ukrainadaky uruşda Russiýanyň tarapynda söweşýän Türkmenistanyň 170 raýatyny anyklady


Türkmen raýatlarynyň Russiýa gelip, maddy ýagdaýlary sebäpli, söweş hereketlerine goşulmagy bilen bagly anyk sanlaryň çap edilmegi bu uruşdan yzyna gelmejek ýa-da maýyp boljak türkmenleriň hem az bolmajakdygyny yşarat edýär.

Türkmen metbugaty rus urşunda öldürilen türkmenistanlylar barada dymýar

Ukrainanyň “Hoçu-Žit”, “Ýaşamak isleýärin” derňew taslamasy şu ýylyň maýynda Türkmenistanyň azyndan 171 raýatynyň rus goşunlarynyň hataryna goşulyp, Ukrainanyň garşysyna söweşýändigini anyklady. Olaryň arasynda eýýäm öldürilen esgerleriň hem bardygy aýdylýar.

Bu ýagdaý bilen baglylykda, türkmen häkimiýetleriniň öňki harbylary häkimlige çagyryp, olaryň biometriki pasportlaryny ellerinden alýandygy, Russiýanyň Ukraina garşy alyp barýan urşuna gatnaşmazlyk barada gürrüň geçirýändigi habar berildi.

Azatlygyň habarçylary 2023-nji ýylyň awgustynda Balkan welaýatynda 200-e golaý harby işgäriň öz arzalary bilen işden çykandygyny habar beripdi we şondan bäri näçe harbynyň işsiz galandygy belli däl.

Metbugat habarlaryndan çen tutulsa, türkmen häkimiýetleriniň öz raýatlarynyň hakyna tutulmagynyň öňüni almak ugrunda dilden ýa gadaganlyk bilen edýän tagallalaryna garamazdan, Russiýa türkmen raýatlaryny esasan hüjüm bölümlerine çekmek synanyşyklarynda üstünlik gazanýar.

Görnüşinden, berilýän maglumatlarda Russiýanyň goşunynda söweşýän türkmen raýatlary Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda iň az sanlysy bolsa-da, olaryň sanynyň 2023-nji ýyldan bäri kem-kemden köpelýändigi öňe sürülýär.

Aýdylmagyna görä, türkmen raýatlarynyň söweşmek üçin şertnama gol çekmeginiň esasy sebäpleri maliýe serişdesi we rus raýatlygyny almak mümkinçiligi bilen bagly bolup görünýär.

Türkmen goşunyndaky ýagdaýlar barada yzygiderli habar berýän “Türkmen.News” neşiriniň ýazmagyna görä, Türkmenistanyň goranmak ministri soňky döwürde işden çykmak üçin arza berýän harbylaryň arzalaryna seretmegi düýbünden bes edipdir.

Azatlyk bu ýagdaýlar barada degişli edaralardan resmi düşündiriş alyp bilmeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.