Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Putin Aşgabatda Erdogan, Pezeşkiýan bilen ikitaraplaýyn gepleşik geçirer


 Rejep Taýýyp Erdogan rus kärdeşi Wladimir Putin bilen duşuşyk wagtynda. Arhiw suraty
Rejep Taýýyp Erdogan rus kärdeşi Wladimir Putin bilen duşuşyk wagtynda. Arhiw suraty

Russiýanyň prezidenti Wladimir Putiniň Aşgabada sapary wagtynda türk kärdeşi Rejep Taýýyp Erdogan bilen duşuşar diýip, “Interfax. Ru” rus prezidentiniň metbugat sekretary Dmitriý Peskowa salgylanyp ýazdy.

"Hawa, meýilleşdirilýär" diýip, ol penşenbe güni žurnalistlere bu mesele boýunça berlen soraga jogap berende aýtdy.

Şeýle-de, Putiniň Türkmenistandaky Eýranyň prezidenti Masud Pezeşkiýan bilen duşuşmagy meýilleşdirilýär.

Döwlet eýeçiligindäki TASS habar gullugy bu habary Eýranyň Moskwadaky ilçisi Kazem Jalaliniň sözlerine salgylanyp berdi.

Neşiriň 10-njy dekabrdaky maglumatyna görä, Putiniň Türkmenistana etjek sapary 11-nji dekabrda başlanar.

Ozal habar berlişi ýaly, Putin 12-nji dekabrda Türkmenistanda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlanan foruma gatnaşmagy meýilleşdirýär.

"Bu forum we bu sapar Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanýar we biziň türkmen dostlarymyz prezidentimizden hökman gelmegini soradylar, şonuň üçin biz bu sapara razy bolduk" diýip, “Interfaks” 3-nji dekabrda rus lideriniň kömekçisi Ýuriý Uşakowa salgylanyp habar berdi.

XS
SM
MD
LG