Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aýal-gyzlaryň hukuklaryny çäklendirmekde tankytlanýan Türkmenistan "Awazada" zenanlara bagyşlanan maslahat geçirdi


Oguljahan Atabaýewa
Oguljahan Atabaýewa

10-njy dekabrda “Awazada”, öňki prezidentiň adyny göterýän we howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek üçin döredilen haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewanyň başlyklyk etmeginde, “Häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny: Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ugrunda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek” atly halkara maslahat geçirildi.

“Şu günki maslahatyň konsepsiýasynyň esasyny düzýän pikir, ýagny häzirki zaman zenanynyň maşgalany, bilimi, saglygy goraýşy, ynsanperwer ulgamy we durmuş ösüşini baglanyşdyrýan orny barada aýtmak bilen, bu düşünjäni has içgin açmak isleýärin” diýip, Oguljahan Atabaýewa maslahatda eden çykyşynda aýtdy.

Onuň sözlerine görä, zenan çagada ilkinji durmuş gymmatlyklaryny kemala getirýär, maşgalada ynanyşmak ýagdaýyny döredýär, parahatçylyk, hormat goýmak we ynanyşmak medeniýetini terbiýeleýär.

“Eger-de onýyllyklar üçin parahatçylygy gurmak isleseň, çagalary terbiýele! Eger asyrlarboýy parahatçylyk gurmak isleseň, onda zenanlary golda!” diýip, haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti aýtdy.

Maslahatyň jemleri boýunça 17 sany ikitaraplaýyn resminama gol çekildi.

TDH-nyň habaryndan çen tutulsa, halkara maslahatda türkmenistanly aýal-gyzlaryň ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklary, şol sanda çagalaryny goýup, daşary ýurtlara işlemäge gidýän eneleriň çekýän horluklary barada gürrüň edilmedi.

XS
SM
MD
LG