Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyz aktiwisti Aýbek Teňizbaý Bişkekde tussag edildi


Aýbek Teňizbaý
Aýbek Teňizbaý

Aktiwist Aýbek Teňizbaý Gyrgyzystanda tussag edildi diýip, Azatlyk radiosynyň Gyrgyz gullugy onuň garyndaşlaryna salgylanyp habar berdi.

Ony tussag etmäge gelen adamlar özlerini hukuk goraýjy edaralaryň işgärleri hökmünde tanatdylar diýip, aktiwistiň garyndaşlary aýtdy.

Aktiwistiň tarapdary Maksat Temirbaýew BBC-niň Gyrgyz gullugyna howpsuzlyk güýçleriniň onuň öýüne irden, sagat 8:00 töwereginde gelendigini aýtdy.

Onuň sözlerine görä, häkimiýet wekilleri onuň telefonyny, planşetini we ejesi Anarkul Kasymalyýewanyň telefonyny alypdyrlar.

"Çeşmelerimizden onuň Milli Howpsuzlyk boýunça döwlet komitetiniň Bişkekdäki edarasyna äkidilendigini eşitdik" diýip, Temirbaýew aýtdy.

Gyrgyzystanyň Milli howpsuzlyk döwlet komiteti aktiwistiň tussag edilmegi boýunça heniz hiç hili düşündiriş bermedi.

Azattyk radiosy Aýbek Teňizbaýyň gyrgyz häkimiýetlerini tankytlandygyny, rus propagandasyna garşy birnäçe ýazgy çap edendigini habar berýär.

XS
SM
MD
LG