Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski saýlawlaryň geçirilmegi mümkinçiligi barada ýurduň parlamentiniň agzalary bilen “mazmunly gürrüň” geçirendigini aýtdy. Bu Birleşen Ştatlaryň uruş dowam edýän mahaly hem ses berişligi geçirmäge basyş edýän wagtyna gabat geldi.
Zelenski 10-njy dekabrda gijeki wideo-ýüzlenmesinde eden çykyşynda, ses berişligi geçirmek üçin, ilkinji nobatda Waşington başda durmak bilen, Kiýewiň ýaranlaryndan berk howpsuzlyk kepillikleriniň zerurdygyny aýtdy.
“Eger-de hyzmatdaşlar, şol sanda Waşingtondaky esasy hyzmatdaşymyz, Ukrainada saýlawlar, harby ýagdaý şertlerinde saýlawlar hakynda şeýle kän we şeýle anyk gürrüň etseler, onda biz her soraga we her şübhä ukrain kanunçylygyna laýyk jogap bermelidiris” diýip, ol aýtdy. Zelenski muny ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň Kiýewiň urşy saýlawdan gaçmak üçin “bahana” hökmünde ulanýandygy baradaky sözlerine jogap hökmünde aýtdy.
“Bu aňsat däl, ýöne bu mesele boýunça basyş – bize iň soňky gerek zat…. Howpsuzlyk bilen bagly kynçylyklar hyzmatdaşlara, ilkinji nobatda Amerikanyň özüne bagly. Syýasy we kanuny kynçylyklara Ukrainanyň özi jogap berer. Olar boýunça jogaplar bolar” diýip, Zelenski sözüni dowam etdi.
Harby ýagdaý döwründe saýlawlar
Ak tam Ukrainada saýlawlaryň geçirilmegini öňe ilerledýär. Tramp 9-njy dekabrda Politico neşirinde çap edilen söhbetdeşliginde “wagty geldi” diýdi. Şeýle-de bolsa, Ukrainanyň Konstitusiýasy uruş döwründe saýlawlara ýol bermeýär.
Öňki çykyşlaryndan tapawutlylykda, Zelenski 9-njy dekabrda žurnalistlere beren maglumatynda parlamenti harby ýagdaý şertlerinde saýlaw geçirmäge mümkinçilik berjek kanunçylyk taslamasyny taýýarlamaga itergi berjekdigini aýtdy.
Saýlawlar, ukrain raýatlarynyň gorkusyz ses berip bilmekleri üçin zerur howpsuzlyk kepillikleri üpjün edilen halatynda, 60–90 günüň dowamynda geçirilip bilner.
Zelenskiniň bu çykyşlary 2022-nji ýylyň fewralynda başlanan Russiýanyň doly göwrümli basybalyjylykly urşuny tamamlamaga gönükdirilen gepleşikleriň ýaýbaňlanan döwrüne gabat geldi. Ukrain resmileri Russiýanyň bähbitlerini has ileri tutýandygy aýdylýan ABŞ tarapyndan taýýarlanan parahatçylyk meýilnamasyna garşy çykyş edýärler.
Saýlawlaryň geçirilmegi mümkinçiligi baradaky pikir ukrain resmileri tarapyndan yzly-yzyna ret edilip gelnipdi. Olar ýurda garşy günde diýen ýaly amala aşyrylýan rus howa zarbalaryny, öň hatarda söweşýän müňlerçe esgeri we uruş sebäpli öýlerini terk etmäge mejbur bolan millionlarça ukrain raýatyny mysal getirip, şeýle çäreleriň häzirki şertlerde mümkin däldigini aýdýarlar.
Pikir soralyşyklaryň netijeleri ukrain raýatlarynyň aglabasynyň uruş döwründe saýlawlaryň geçirilmegine garşydygny görkezýär. Şeýle-de bolsa, soňky saýlawlaryň 2019-njy ýylda bolandygyny göz öňünde tutup, käbirler hökümete täze pikirleri we täze ýolbaşçylary getirmegiň tarapynda çykyş edýärler. Il arasynda giň goldawa eýe bolan Zelenskiniň reýtingi bolsa soňky hepdelerde uly korrupsiýa dawasy fonunda aşak gaçdy. Bu dawa täsirli geňeşçi Andriý Ýermagyň wezipesinden gitmegine getirdi.
Söweş meýdanynda we gepleşikler tapgyrynda rus resmileri özleriniň artykmaçlyga eýedigine ynanýarlar. ABŞ-nyň hödürlän 28 maddalyk meýilnamasy hem Moskwanyň çozuşdan öň hem öňe sürüp gelýän berk pozisiýalarynyň aglaba bölegini gaýtalaýar.
“Meýilli ýurtlaryň” koalisiýasy
Bu aralykda, Ukrainanyň ýewropaly ýaranlary Waşingtonyň teklibinden kän hoşal däldiklerini aýdýarlar.
“Meýilli ýurtlaryň koalisiýasy” diýlip atlandyrylýan – Germaniýany, Fransiýany we Britaniýany öz içine alýan – toparyň Zelenski bilen 11-nji dekabrda meýilleşdirilen duşuşygynyň öňüsyrasynda bu ýurtlaryň ýolbaşçylary Tramp bilen telefon arkaly gepleşik geçirdiler.
Tramp soňundan žurnalistlere beren maglumatynda Fransiýa, Britaniýa we Germaniýanyň ýolbaşçylary bilen Ukraina meselesi babatynda “gaty berk sözler” alyşandygyny aýtdy. Bu urşuň dördünji ýylyna golaýlaýan wagty, ony nähili tamamlamalydygy baradaky pozisiýalardaky tapawudyň artýandygynyň alamaty hökmünde häsiýetlendirildi.
“Biz Ukraina baradaky ýagdaýy gaty berk sözler bilen ara alyp maslahatlaşdyk” diýip, Tramp britan premýer-ministri Keir Starmer, fransuz prezidenti Emmanuel Makron we german kansleri Friedrich Merz bilen bolan jaň baradaky soraga jogap berende aýtdy.
Şol bir wagtda, Zelenski Ukrainanyň ABŞ-nyň maliýe ministri Skott Bessent hem-de Trampyň giýewisi Jared Kuşner we BlackRock kompaniýasynyň ýolbaşçysy Larri Fink ýaly ýokary derejeli resmiler bilen geçiren gepleşiklerinde, mümkin dikeldiş meýilnamasynyň esasy ugurlary boýunça ylalaşyga gelnendigini aýtdy.
Bloomberg we Axios neşirleri, ABŞ we ukrain çeşmelerine salgylanyp, 10-njy dekabrda Ukrainanyň parahatçylyk meýilnamasynyň täze gözden geçirilen görnüşini Waşingtona iberendigini habar berdiler.
Forum